2025-nji ýylyň 16–19 sentýabry aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwa
şäherinde 34-nji halkara güýzki azyk önümleriniň sergisi — WorldFood
Moscow 2025 geçiriler. Bu halkara sergä Türkmenistandan “OGUZ ÝOL”
hojalyk jemgyýeti hem öz önümleri bilen gatnaşar.
Sergi Moskwanyň “Crocus Expo” halkara sergi merkezinde geçiriler.
“Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti öz önümlerini 3-nji Pawilýonyň 14-nji
zalynda görkezer. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanar
Türkmenistanda ýetişdirilen we gaplanan täze önümler bilen tanyşyp
bilerler.
“WorldFood Moscow 2025” sergisi dünýäniň dürli künjeginden önüm
öndürijileri, paýlaýjylary we üpjün edijileri birleşdirýän halkara meýdança
bolup, ol täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir.
“Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti ähli hyzmatdaşlaryny we gatnaşyjylary
“WorldFood Moscow 2025” – däki öz sergisine çagyrýar.
“Oguz ýol” HJ resmi saýty: www.oguzyol.com.tm
Oguz Ýol, ösýän önümler üçin iň oňat şertleri döretmek üçin ösen oba hojalyk tehnologiýalaryny ulanýan Aşgabatda organiki gök önümleri öndürýän öňdebaryjydyr.